gyzzyrma

gyzzyrma
1
Medisina Iniňi tikenekledip, üşedip, endamyň gaty gyzmaklygy bilen ýüze çykýan kesel, ysytma.
∙ Gyzzyrma keseline garşy göreşde olaryň ähmiýeti uludyr. («Ýaş Kommunist» gazeti)
∙ Ol soňabaka edil gyzzyrma tutýan ýaly galpyldap başlady. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
gyzzyrma tutmakGyzzyrma keseli bilen kesellemek.
∙ Men şu gün ýaramok, agşam gyzzyrma tutdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
2
Aldyrylmadyk hamyrdan saçda we ş. m. bişirilýän ýukajyk çörek.
∙ Oglan kakasyna gyzzyrma eltip, ony iýmegini soraşýar. («Mydam Taýýar» gazeti)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Поможем решить контрольную работу

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»